Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türkmen gazyna zerurlyk ýok diýýär


Eýranyň energiýa pudagynyň ýokary derejeli resmisi öz ýurdunyň türkmen gazyna zerurlygyň ýokdygyny, sebäbi munuň ýurduň içerki zerurlyklaryna täsir ýetirmeýändigini aýtdy, diýip Eýranyň ýarym resmi “Fars” täzelikler agentligi habar berdi.

“Gaz importy (Türkmenistandan) kommersiýa maksatlaryna ýa-da içerki zerurlyklara gabat gelmeýär”, diýlip maglumatda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Aragi sitirlenýär.

Araginiň 4-nji fewralda eden çykyşynda Türkmenistanyň Eýrana gaz eksportynyň şertlerini bozan hem bolsa, munuň ýurt üçin problema däldigini aýdandygy bellenýär.

Şeýle-de habar berilişine görä, Aragi “Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda gaz alyş-çalyşygynyň iki hökümetiň syýasatyna baglydygyny” aýdyp, “elbetde, iki ýurduň arasyndaky gaz gepleşikleri ugrunda” diýdi.

Türkmenistan Eýranyň türkmen gazy üçin iki milliard dollar möçberinde bergisiniň bardygyny aýdyp, täze ýylyň başyndan Eýrana gaz akdyrmagyny bes etdi.

Geçen hepdede Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny ýaňadandan ýola goýmak boýunça gepleşikleriň täzeden başlanmak teklibi bilen birlikde, gaz alyş-çalşygynyň (swap) 10 million m3 çenli artdyrylmagyny-da sorady diýip, “Fars News” habarlar gullugy maglumat berýär.

Gaz swapy, ýagny gaz alyş-çalşygy ylalaşygyna görä, bir ýurt belli bir möçberdäki gazyny ikinji ýurda akdyrandan soňra, soňky döwlet, öz gorlaryndan, birinji döwletiň adyndan beýleki bir tarapa öz gazyny iberýär.

Türkmenistan bilen Eýranyň ýagdaýynda, Eýran swap ylalaşygyna görä akdyrylan gazyň möçberindäki öz gazyny Ermenistana we Azerbaýjana iberýär.

XS
SM
MD
LG