Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat Eýran bilen gaz swapyny artdyrmagy teklip edýär


Eýrandan Ermenistana uzaýan gazgeçiriji

Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny ýaňadandan ýola goýmak boýunça gepleşikleriň täzeden başlanmak teklibi bilen birlikde, gaz alyş-çalşygynyň 10 million m3 çenli artdyrylmagyny-da sorady diýip, “Fars News” habarlar gullugy maglumat berýär.

Gaz swapy, ýagny gaz alyş-çalşygy ylalaşygyna görä, bir ýurt belli bir möçberdäki gazyny ikinji ýurda akdyrandan soňra, soňky döwlet, öz gorlaryndan, birinji döwletiň adyndan beýleki bir tarapa öz gazyny iberýär.

Türkmenistan bilen Eýranyň ýagdaýynda, Eýran swap ylalaşygyna görä akdyrylan gazyň möçberindäki öz gazyny Ermenistana we Azerbaýjana iberýär.

“Türkmenistan Eýranyň üstünden Azerbaýjana we Ermenistana amala aşyrýan gaz swapynyň möçberini 15 million m3 çenli ýetirmegi teklip etdi” diýip, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň wekili Saýed Moomeni aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir Eýranyň üstünden Azerbaýjana 6 milliom m3 türkmen gazy akdyrylýar.

Resmi Aşgabatdan Eýran bilen gaz swapyny artdyrmak baradaky teklipler dogrusynda häzirlikçe hiç hili resmi beýanat ýok.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen aý Ýerewanda ermeni, türkmen we eýran wekilleriniň gatnaşmagynda energiýa üpjünçilik proýektleri dogrusynda maslahat geçirilip, şonda anyk jikme-jikler berilmese-de, umumy iş toparyny döretmek we anyk programmalar dogursynda gepleşikleri alyp barmak barada ylalaşylandygy nygtalypdy.

Energiýa bilermenleri Ermenistan bilen umumy serhedi bolmadyk Türkmenistanyň Eýranyň üstünden gaz alyş-çalşygy esasynda öz energiýa serişdelerini Ermenistana eksport etmekçi bolýandygyny çaklapdylar.

Ekspertler Türkmenistanyň we Eýranyň şol pursatdaky bar bolan gaz dawasynyň bu planlaryň amala aşmagyna böwet bolup biljekdigini-de nygtapdylar.

Azatlyk Radiosynyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan şu ýylyň başynda, iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, Eýrana gaz ibermegini kesipdi. Muňa jogap edip, Tähran bu meseläni halkara arbitraž suduna çykarjakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-i gaz dawasy boýunça ençeme gezek resmi beýannama ýaýradyp, onda eýran tarapyny meseläni “syýasylaşdyrmazlyga” çagyrdy we 2013-nji ýyldan bäri öň akdyrylan gaz üçin bergisini üzlüşmek ugrunda “zerur tagalla etmezlikde” aýyplapdy.

Geçen hepde Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň müdiri Hamid Reza Aragini halkara arbitražynda Türkmenistana garşy iş gozgamakdan el çekip, täze gaz ylalaşygy barada gepleşiklere başlamaga taýýardygyny yglan etdi.

Aragini türkmen tarapynyň gazy akdyrmagyny kesendigi sebäpli, Tähranyň ozalky ylalaşyklaryň güýjüni ýitirdi diýip, hasap edýändigini-de belledi. Ol Aşgabadyň ylalaşygy bozmagynyň öwezini tölemäge razy bolan halatanda, gepleşiklere ýaňadandan dolanyp boljakdygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky gaz söwdasy 1997-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Türkmen gazy esasan Eýranyň demirgazygyndaky sebitlerine akdyrylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG