Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň şikaýat sudy Trampyň immigrasion gadagançylygyna seredýär


ABŞ-nyň şikaýat sudy 7-nji fewralda prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň ýurda barmagyna wagtlaýyn gadagançylygy dikeldip-dikeltmezlik meselesi boýunça diňlenişik geçirer.

San Fransiskonyň şikaýat sudy Ýustisiýa departamentiniň we Waşington hem-de Minnesota ştatlarynyň ýuristlerinden syýahatçylyk gadagançylygyny saklamak boýunça delilleri ýerli wagt bilen öýlän sagat üçe çenli bermegi sorady.

Seattle şäheriniň sudy Trampyň immigrasion gadagançylygy boýunça kararyny 3-nji fewralda ýatyryp, Eýrandan, Yrakdan we gadagançylykda agzalan beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara syýahatçylyk etmegine ýol açypdy.

Prezident Donald Trampyň karary ABŞ-nyň ondan gowrak ştaty, öňki diplomatlary we tehnologiýalar boýunça kompaniýalar tarapyndan garşylyk döredipdi.

Tramp öz kararynyň ýurdy terrorçylykdan goramak üçin zerurdygyny aýdýarka, onuň garşydaşlary syýahatçylygyň din esasynda gadagan edilmeginiň Konstitusiýa ters gelýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG