Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň günbatar regionynyň resmisi öldürildi


Owganystanyň günbatar Farah welaýatynda ýolda goýlan bomba zerarly etrap administrasiýasynyň müdiriniň wepat bolandygyny ýerli resmiler habar berdiler.

Polisiýanyň 7-nji fewralda aýtmagyna görä, Hak-e-Safed etrabynyň ýokary derejeli resmisi Abdul Halik Noorzai welaýatyň paýtagty Farah şäherinde öz öýüniň golaýynda heläk bolupdyr.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Hökümete garşy söweşýän toparlar Owganystanda resmilere we howpsuzlyk güýçlere hüjüm etmekde ýolda goýlan bombalary we janyndan geçen hüjümçileri ýygy-ýygydan ulanýarlar.

6-njy fewralda BMG Owganystandaky konfliktde taraplaryň ählisini “raýatlaryň heläk bolmagyny we şikes almagyny bes etmek boýunça gyssagly ädim ätmäge” çagyrdy.

Geçen ýylda Owganystanda wepat bolan we ýaralanan parahat ýaşaýjylaryň sanynyň 11418 adama ýetip, ozalky ýyldan 3% ýokarlanandygy BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG