Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistan boýunça hasabat taýýarladylar


Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary we düýbi Brusselde ýerleşýän “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” guramasy Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulyşy boýunça bilelikde hasabat ýaýratdylar.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanyň adam hukuklary ugrunda halkara borçnamalaryny berjaý edişi boýunça geçiriljek diňlenişigiň öňýanynda, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň taýýarlan bu hasabatynda Türkmenistanda raýatlaryň milli we halkara kanunlarynda kepil geçilen hak-hukuklarynyň hem azatlyklarynyň bozulmagyna degişli ýagdaýlar barada jikme-jik maglumat berilýär.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistanyň graždan we syýasy azatlyklary boýunça halkara paktyny berjaý etmek boýunça ikinji döwürleýn hasabatyna seretmegiň jemleýji tapgyrynyň mart aýynyň başynda geçiriljegini “Türkmen Inisiatiwasy topary” habar berýär.

Gurama Türkmenistanyň graždan we syýasy azatlyklary boýunça halkara paktyna 1997-nji ýylda gol çekendigini belläp, göz öňünde tutulan düzgüne görä, ony tassyklan ýurduň her dört ýylda bir gezek BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetine hasabat bermäge borçludygyny belleýär. Komitet Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirişine 2012-nji ýylda ilkinji gezek seredipdi.

Hökümete degişli bolmadyk “Türkmen inisiatiwasy” we “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” guramalary bilelikde taýýarlan hasabatynda, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanyň hasabatyny diňläp, 2012-nji ýylyň 19-njy aprelinde öňe süren rekomendasiýalarynyň türkmen hökümeti tarapyndan henize çenli berjaý edilmändigine ünsi çekýär.

Hususan-da, maglumatda Türkmenistanda kanun goraýjy edaralaryň amala aşyran gynamalary we rehimsiz daramalary bilen bagly wakalaryň derňelmeýändigine, türkmen türmeleriniň garaşsyz halkara synçylary üçin elýeterli däldigine, 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýlip atlandyrylan waka gatnaşykda aýyplanyp tussag edilenleriň ykbalynyň nämälim galýandygyna, ýurtda raýatlaryň hökmany propiska düzgüniniň ýatyrylmandygyna, raýatlara harby gulluga derek alternatiw gullugyň hödürlenmändigine, garaşsyz žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň yzarlanýandygyna, şeýle-de websýtlaryň elýeterliliginiň çäklendirilýändigine ünsi çekilýär.

XS
SM
MD
LG