Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionynda separatistleriň ýolbaşçysynyň janyna kast edilendigini orsýetçi separatistler aýdýarlar.
“Giwi” lakamy bilen tanalýan Mihail Tolstyh separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk şäherinde 8-nji fewralda ýerli wagt bilen ir sagat altyda öz edarasynda bomba partlamasy zerarly wepat boldy, diýip separatist häkimiýetler we olara ýakyn harby çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna telefon arkaly habar berdiler.
Mihail Tolstyh “Somali” atly battaliona ýolbaşçylyk edipdi we “Giwi” lakamyna Donetsk aeroportunyň ugrundaky ýowuz söweşlerde eýe bolupdy.
2015-nji ýylda ýaýradylan wideoda onuň Ukrainanyň harby gullukçysyny hem söz hem-de fiziki taýdan erbet daraýandygy görkezildi.
Separatistleriň ýene bir ýolbaşçysy “Motorola” lakamy bilen tanalýan Arseniý Pawlow 16-njy oktýabrda Donetskde ýaşaýan jaýynda bomba partlamasynda heläk boldy.
Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşlerde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9750 adam wepat boldy.