Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkiýä gaz geçirijisini gurmak boýunça ylalaşygy tassyklady

Orsýetden Türkiýäniň üsti bilen günorta Ýewropa tebigy gaz geçirijisiniň çekmek boýunça planyň kartasy
Orsýetden Türkiýäniň üsti bilen günorta Ýewropa tebigy gaz geçirijisiniň çekmek boýunça planyň kartasy

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň üstünden günorta Ýewropa tebigy gaz geçirijisini gurmak boýunça ylalaşygy tassyklady, diýip döwlet mediasy 7-nji fewralda habar berdi.

Ylalaşyk Orsýetiň we Türkiýäniň arasynda azyndan 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy, şol sanda 1100 kilometrlik gaz geçirijisiniň gurluşygyny we Gara deňziň düýbünden Orsýetiň tebigy gazyny Türkiýä we yzýany günorta Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýewropa Bileleşiginiň käbir agzalary, şol sanda Gresiýa, Wengriýa we Slowakiýa gaz geçirijisine degişli hyzmatdaşlyga goşulmaga gyzyklanma bildirdiler.

Orsýet we Türkiýe ozal güýçli bolan ykdysady gatnaşyklaryna soňky aýlarda ýene bat berdiler.

XS
SM
MD
LG