Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Adam hukuklaryny goraýjylar Orsýetiň internet gözegçiligini güýçlendirýändigini aýdýar


Alekseý Kungurow Orsýetiň Siriýadaky bombaly hüjümlerini ýazgaryp çykyş edendigi sebäpli tussag edilipdi. (Ilýustrasiýa)

Orsýet internet ulanyjylara basyşyny güýçlendirdi, ýurduň sudlary bolsa internetde syýasy pikirleri mälim edýänlere uly tussaglyk möhletini berýärler diýip, adam hukuklaryny goraýjy gurama aýdýar.

“Orsýetiň häkimiýetleri internete uruş teatry hökmünde seredip başladylar, hem ýurduň içinde, hem daşynda” diýip “Agora” atly guramanyň 7-nji fewralda Moskwada ýaýradan hasabatynda bellenýär.

“Agora” guramasynyň düzümine girýän 50 çemesi aklawçy adamlaryň hak-hukuklaryny goramak, şol sanda “Pussy Riot” pank toparynyň agzalaryny we radikal hudožnik Pýotr Pawlenskini goramak boýunça iş alyp bardylar.

Guramanyň aýtmagyna görä, Kreml ors dilindäki internetde (runetde) “duşman” gözlemegini güýçlendirýär we “berk senzurany”, şeýle-de Orsýetiň 66 we 84 million aralygynda diýlip, hasaplanýan ulanyjylara basyşy yzygiderli artdyrýar.

“Agora” 2016-njy ýylda internetde pikirini öňe süren orsýetlilere garşy açylan ýedi sany jenaýat işiň hasaba alnandygyny, olardan dördüsine tussaglyk möhletiniň berlendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG