Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda musulman polislere sakgal rugsady


Nýu-Ýork polisi
Nýu-Ýork polisi

Nýu-Ýorkyň polis edarasy (NYPD) düzgünlerini biraz gowşadyp, sikh we musulman polis işgärleriň dini ynanjyna görä 1,27 santimetr uzynlyga çenli sakgal goýbermegine rugsat beripdir. Edara şeýle ädimi tapawutlylygy goldamak we azlyklara degişli has köp adamy öz tarapyna çekmek üçin ädendigini belleýär.

Polis komissary James O'Neill bu täze düzgüni çärşenbe güni işe täze alnan polisler üçin gurnalan dabarada mälim edipdir. Täze düzgünlere görä, sikh polis işgärleriniň polis papagynyň deregine özüniň milli telpegini hem geýip biljekdigini belläpdir.

Ilki bilen rugsat almaly

Milli telpekler, selleler polis işgärleriniň resmi eginbaşy ýaly goýy gök reňkde bolar. Olar telpeklere, sellelere Nýu-Ýork polis edarasynyň nyşanyny dakarlar. Ýöne olar öz milli telpegini ýa-da sellesini geýmek üçin, ilki bilen edaradan rugsat almaly bolarlar.

O'Neill: "Biziň şeýle üýtgeşiklik etmegimiziň maksady, Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýan her bir milletiň wekiliniň ýurduň iň uly polis edarasyna iş arzasyny bermäge we bu ýerde amatly şertlerde işlemegine şert döretmekdir. Biz olara oňaýly şertler döretmek isleýäris" diýýär.

"The New York Times" gazetiniň ýazmagyna görä, tälimi tamamlan 557 polisden 33 sanysy musulman, iki sanysy bolsa sikhdir.

Sikh ynanjyna uýýanlaryň dini hak-hukugyny goraýan "Sikh bileleşigi" bu ädimiň möhüm taryhy ähmiýete eýedigine üns çekipdir.

Tehniki sebäp

Sikh polisler arkalaşygy bolsa, ädilen bu ädimi goldamak bilen onyň "sikh topary üçin buýsançly ýagdaý" bolandygyny aýdypdyr.

NYPD-niň mundan owalky garawulçylyk düzgünine görä, polisleriň sakgal goýbermegine rugsat berilmeýärdi. Ýazylmadyk düzgüne görä, olar diňe bir millimetr uzynlygynda sakgal goýberip bilýärdi. Sakgal gadaganynyň tehniki sebäbi bardy. Sakgal gaz maskalarynyň käbir enjamlaryny dakmaga päsgelçilik döredýärdi.

Gürrüňi edilýän üýtgeşiklik bir musulman polis garawulyň sakgal gadaganlygy esasy kanuna garşy diýip kazyýete ýüz tutmagyndan soň durmuşa geçirilýär.

Yzyna işine alyndy, sakgala-da rugsat berildi

NYPD-de hukuk kätibi bolan Masood Sýed öz dini garaýşyna görä, köp ýyldan bäri sakgally gezýär ekeni. Ýöne soň onuň başlygy sakgalyny aýyrmagyny talap edipdir. Buýrugy ýerine ýetirmeýän Sýed munyň üçin işinden boşadylypdyr.

NYPD ahyrynda iýun aýynda Sýedi yzyna işine almaga we onuň bilen baglanyşykly sakgal düzgünini üýtgetmäge razylyk bildiripdir. Indi ençe ýyldan bäri NYPD-de işläp gelýän musulman zenanlaryň hem dini eginbaş geýmegine rugsat berilýär.

XS
SM
MD
LG