Orsýetiň Kirow şäheriniň sudy oppozision syýasy aktiwist we korrupsiýanyň üstüni açmak boýunça kampaniýany alyp barýan Alekseý Nawalnyny ogurlykda günäli tapdy.
8-nji fewralda sudýa Alekseý Wtyurin Nawalnynyň “jenaýat üçin şertleri gurnandygyny” aýtdy.
Bu aýyplama Nawalnyny döwlet wezipesine dalaş etmäge hukuksyz edýär.
Nawalnyý bilen bilelikde Pýotr Ofitserow hem sud edildi. Emma oňa çykarylan kararyň haçan yglan ediljegi belli däl.
Nawalnyý we Ofitserow agaç öndürýän Kirowles kompaniýasynyň maliýe serişdelerini hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamasynyň esasynda sud edilipdi.
Olaryň ikisi-de özlerine bildirilen aýyplamalary ret etdiler.
Nawalnyý gozgalan işiň syýasy matlaplydygyny aýdýar we onuň esasy maksadynyň 2018-nji ýylyň saýlawlarynda özüniň prezidentlik wezipesine dalaş etmegine päsgel bermekden ybaratdygyny belleýär.
Prokurorlar Nawalnyý üçin bäş ýyllyk we Ofiserow üçin dört ýyllyk şertli tussaglyk jezasyny soradylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.