Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň gozgalaňçylary Türkiýäniň güýçlerine daýanyp YD toparyna garşy söweşýärler


Al-Bab şäheriniň golaýynda "Yslam döwleti" toparyna garşy söweşýän gozgalaňçy toparlaryň ýük ulaglary, 10-njy ýanwar, 2017.
Al-Bab şäheriniň golaýynda "Yslam döwleti" toparyna garşy söweşýän gozgalaňçy toparlaryň ýük ulaglary, 10-njy ýanwar, 2017.

Siriýanyň gozgalaňçylary Türkiýäniň güýçlerine daýanyp, strategiýa taýdan möhüm Al-Bab şäheriniň daşyndaky depeleri “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden basyp aldylar diýip, Türkiýäniň harbylary habar berdiler.

Harbylaryň 8-nji fewralda aýtmagyna görä, howa hüjümleriniň, top oklarynyň we çaknyşyklaryň netijesinde YD toparynyň 58 söweşijisi öldürilipdir.

Türkiýäniň iki esgeri wepat bolup, 15 esgeri ýeňil ýaralanypdyr.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu hereketleriň öňegidişlikli bolandygyny we indiki nyşanyň “Yslam döwleti” toparynyň elindäki Rakka şäheri bolmalydygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Ak Tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 7-nji fewralda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren telefon gepleşiklerinde Waşingtonyň we Ankaranyň “terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy söweşmekde bilelikdäki borçlary” barada aýdandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň prezidentiniň çeşmelerine salgylanyp habar berlişine görä, Birleşen Ştatlaryň we Türkiýäniň prezidentleri Al-Bab we Rakka şäherlerinde YD toparyna garşy bilelikde hereket etmek barada ylalaşypdyr.

XS
SM
MD
LG