Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisioneri Nawalnyý ogurlykda günäli tapyldy


Alekseý Nawalnyý sud mahalynda
Alekseý Nawalnyý sud mahalynda

Orsýetiň Kirow şäherindäki welaýat sudy oppozisiýadaky syýasy aktiwist we korrupsiýa garşy kampaniýaçy Alekseý Nawalnyny döwlet serişdelerini bikanun öz haýryna geçirmek aýyplamasynda günäli tapdy.

Sudýa Alekseý Wtýurin 8-nji fewralda suduň Nawalnynyň «jenaýatçylygy gurnandygyny» anyklandygyny aýtdy.

Nawalnynyň iş şärigi Pýotr Ofitserow hem şu iş boýunça günäli tapyldy.
Suduň Nawalna berlen türme möhletini hem 8-nji fewralda yglan etjekdigi ýa etmejekdigi belli däl, hökümi okamak dowam edýär.

Rus kanunçylygyna görä, bu ýazgaryş Nawalnynyň jemgyýetçilik wezipesini eýelemeginiň öňüni alýar. Emma muňa garamazdan, Nawalnynyň 2018-nji ýyldaky prezident saýlawy boýunça kampaniýa menejeri Leonid Wolkow 8-nji fewraldaky hökümiň «täsiriniň bolmajakdygyny» aýtdy.

Sud edilenleriň ikisi-de özleriniňsuduň çykaran kararynyň üstünden Ýewropanyň Adam hukuklary suduna şikaýat etjekdigini aýtdy.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň direktory Michael Georg Link Nawalnynyň günäli typylmagy bilen bagly öz aladasyny bildirip, hökümiň onuň syýasy hukuklaryny, şol sanda wezipä saýlanmak üçin kandidat bolmak hukugyny çäklendirmek maksadyndan ugur alýana meňzeýändigini aýtdy.

Nawalnyý we Ofitserow döwlet eýeçiligindäki KirowLes tokaýçylyk kompaniýasynyň serişdelerini öz haýyrlaryna geçirmek aýyplamasy esasynda gaýtadan sud edildi. Ýokary sud Kirow sudunyň bu aýyplama boýunça 2013-nji ýylda çykaran günäli hökümini geçen ýyl ýatyrypdy.

Iň soňky hökümiň mazmuny hem hakykatda 2013-nji ýyldaky suduň okan hökümine sözme-söz diýen ýaly gabat gelýär. Sudýa bu hökümi okaýan mahaly Nawalnyý twitterde, deňeşdirmek üçin, öňünden köne hökümiň suratlaryny çap etdi.

Aýyplanýanlaryň ikisi-de, Nawalnyý hem, Ofitserow-da özleriniň bigünädigini aýtdy. Nawalnyý özüne ýüklenýän günäniň syýasy sebäplidigini, ýagny özüniň prezidentlige kandidat hökmünde bäsleşige çykmagyna päsgel beriljek bolunýandygyny aýtdy.

Nawalnyý dekabrda 2018-nji ýylyň martynda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşige çykjakdygyny yglan etdi. 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa premýer-ministr hökmünde häkimiýetde oturan prezident Wladimir Putiniň hem, ýene bir alty ýyllyk prezident möhletini gazanmak üçin, saýlawlara gatnaşmagyna garaşylýar.

Prokurorlar Nawalna 5 ýyl şertli türme tussaglygynyň berilmegini, Ofitserowa bolsa 4 ýyl şertli tussaglyk berilmegini soradylar.

XS
SM
MD
LG