Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa ABŞ-nyň kongressmeniniň “bu ýurt däl” diýenlerine gahar-gazap bildirdi


ABŞ-nyň wekiller öýüniň Ýewropa, Ýewraziýa we döräp biljek howp-hatarlar boýunça komissiýasynyň müdiri Dana Rohrabaher
ABŞ-nyň wekiller öýüniň Ýewropa, Ýewraziýa we döräp biljek howp-hatarlar boýunça komissiýasynyň müdiri Dana Rohrabaher

Makedoniýa ABŞ-nyň respublikan partiýasynyň kanun çykaryjysynyň “bu ýurt däl” we ol Bolgariýanyň hem Kosowonyň arasynda bölünmeli diýip, aýdanlaryna gahar-gazap bildirdi.

“Kosowolylar we makedoniýaly albanlar Kosowonyň bir bölegi bolmaly we Makedoniýanyň galan bölegi Bolgariýanyň ýa-da olaryň özlerine gatnaşygy bar diýip hasap eden islendik başga bir ýurduň bölegi bolmaly” diýip, ABŞ-nyň wekiller öýüniň Ýewropa, Ýewraziýa we döräp biljek howp-hatarlar boýunça komissiýasynyň müdiri Dana Rohrabaher Albaniýanyň “Vizion Plus” telekanalyna aýtdy.

Orsýetiň berk tarapdary bolan 70 ýaşly Rohrabaher 1990-njy ýyllarda öňki Ýugoslawiýanyň dargamagyndan soň Makedoniýanyň döremeginiň uly ýalňyşlyk bolandygyny, sebäbi onuň etniki toparlara bölünip, bilelikde parahatçylykly ýaşama ukypsyzdygyny aýdýar.

Onuň aýdanlary Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Makedoniýany “Albaniýa we beýleki bölegini Bolgariýa” bermek baradaky “ideýalar peýda boldy” diýip 2015-nji ýylda aýdan sözlerine gabat geldi.

Makedoniýanyň Daşary işler ministrligi Rohrabaheriň beýanatynyň “ägirt uly howatyrlanma döredýändigini” we “milletçilikli çykyşlary tutaşdyrandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG