Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Gyzyl haj” Owganystandaky işini ýatyrdy


“Gyzyl haj” Owganystanda ynsanperwer kömegini paýlaýar, 2015.

Halkara “Gyzyl haj” komiteti güýçli garyň ýagmagy zerarly üzňelikde galan regionlara gyssagly kömek eltmäge ýardam beren alty işgäriniň ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürilmeginden soň Owganystandaky işini ýatyrdy.

Jowzjan welaýatynyň häkimi guramanyň ulag kerweniniň “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakdan güman edilýän adamlaryň hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy.

“Gyzyl haj” komitetiniň ýolbaşçysy bu hadysany soňky 20 ýylyň dowamynda “bize garşy iň elhenç hüjüm” diýip atlandyrdy.

8-nji fewralda bolan hüjümden soň ýitirim bolan ýene iki sany ynsanperwer işgärini gözlemek boýunça işler dowam edýär.

Owganystan “Gyzyl haj” guramasynyň dünýä derejesinde iň uly göwrümli programmalarynyň amala aşyrylýan dört ýurdunyň biri.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG