Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RIA: Orsýet ABŞ bilen öz arasynda Eýranyň ýadro ylalaşygyna degişli uly aratapawut görmeýär


Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Sergeý Kislýak

Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda Eýran blen ýadro ylalaşyga degişli uly aratapawut ýok diýip, Orsýetiň Waşingtondaky ilçisi Sergeý Kislýak RIA täzelikler agentligi tarapyndan sitirlenýär.

Kislýagyň 10-njy fewralda RIA agentligine aýtmagyna görä, Moskwa Eýran bilen ýadro ylalaşygy boýunça Waşington bilen dialog alyp barmak isledi, bar bolan aratapawutlar bolsa, düýp-esaslara däl-de, aksentlere degişli bolupdyr.

Şeýle-de orsýet ilçisi ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň Ukrainadaky ýagdaýlar boýunça pozisiýasyny, öňki hökümete garanda “has oýlanyşykly” diýip atlandyrdy.

Muňa garamazdan, Kislýak Trampyň Ukraina boýunça “öz garaýyşlaryny entek kesgitlemelidigini” RIA agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG