Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Diňe bir dalaşgäriň ýeňişe şansy bar'


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow özüne sowgat berilen ahal-teke atyň üstünde, Aşgabat.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow özüne sowgat berilen ahal-teke atyň üstünde, Aşgabat.

Türkmenistanyň raýatlary 12-nji fewralda ýurdy indiki ýedi ýylyň dowamynda dolandyrjak prezident üçin ses bererler.

Saýlaw resmileri saýlaw prosesiniň “ýokary guramaçylyk derejesinde” geçirilýändigini, şeýle-de üç syýasy partiýadan we inisiatiw toparlardan jemi 9 dalaşgäriň, şol sanda prezidentlige üçünji gezek dalaş edýän häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky bu saýlawlarda bäsdeşlik üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, käbir halkara habar beriş serişderinde garaşsyz synçylar tarapyndan öňe sürülýän pikirlerde Türkmenistanda açyk we adalatly saýlawlar üçin şertleriň ýokdugy, saýlawlaryň netijesiniň öňünden çaklanýandygy we 12-nji fewral saýlawlarynyň ýurdy on ýyl bäri dolandyrýan prezident G. Berdimuhamedowyň üçünji gezek we has uzak möhletli prezidentlik wezipesinde galmagy üçin gurnalýan sahnadygy aýdylýar.

Frans Press agentliginiň (AFP) 10-njy fewralda çap eden maglumatynda, türkmen saýlawlaryna dokuz dalaşgäriň gatnaşýandygyna garamazdan, olardan diňe biriniň häzirki prezident “awtokrat Berdimuhamedowyň ýeňşe şansynyň bardygy” bellenýär we galan kandidatlaryň bilelikde 3 – 6 % aralygynda ses toplamagynyň ähtimaldygy “Chatam House” analiz merkeziniň Orsýet w Ýewraziýa boýunça programmasynyň wekili Annete Bora salgylanylyp aýdylýar.

“Eurasianet” internet saýty “Saýlaw tomaşalarynyň aňrysynda güýçli ykdysady krizis gizlenýär” sözbaşyly öz makalasynda G. Berdimuhamedowyň ulag sürmegi, at çapmagy we aýdym-sazly tomaşalary gurnamagy halaýandygyny, emma onuň häkimiýet başynda galmak üçin gurnaýan esasy tomaşasynyň saýlawlardygyny belleýär.

Berdimuhamedowyň režimi dünýä derejesinde örän repressiw hasaplanylýar, onuň häkimiýeti çäksiz bolup, ol hatda öz goly astyndakylaryň ýaranjaňlygyny ýörite görnüşli ýerine ýetirijilik sungatyna öwürmegi başardy diýlip, maglumatda bellenýär.

“Emma Berdimuhamedowyň durmuşynda bar zadyň şeýle bir aňsat däl” diýip, “Eurasianet” 12-nji fewrala bellenen prezidentlik saýlawlarynyň ýurt häkimiýetleri üçin ýakymsyz hem problemaly ýagdaýlarda geçiriljekdigini belleýär.

Neşir turkmen prezident saýlawlarynyň ýurtda uly ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna gabat gelendigini, emma ýurduň ýapyklygynyň krizisiň möçberini anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýändigini belleýär.

Türkmenstanyň resmi habar serişdeleri ýakyn günlerde ýurduň umumy içerki önümçilik derejesiniň peselip, 2016-njy ýylda 6.2% barabar bolandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň raýatlary indiki ýedi ýyl üçin ýurduň prezidentini 12-nji fewralda saýlarlar. Ses berişlik üçin ýurduň içinde 2587, daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynda 39 saýlaw uçastogynyň döredilendigi aýdylýar.

Saýlawlara GDA gurmasynyň gösegçiler missiýasy, ÝHHG-nyň saýlawlara baha beriji topary we milli gözegçiler syn ederler.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç birine Günbatar döwletleri, ÝHHG we adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan açyk we adalatly diýlen baha berilmändi.

2102-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda türkmen resmileri G.Berdimuhamedowyň sesleriň 97%-den gowragyny toplap, ýeňiş gazanandygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG