Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlar: Berdimuhamedowyň waspy ýygjamlaşýar


Tegelek stol gepleşiginde-de Berdimuhamedowdan sitatalar getirilip, olar “ýurtda demokratiýanyň ösýändiginiň nyşany” hökmünde hödürlenýär.
Tegelek stol gepleşiginde-de Berdimuhamedowdan sitatalar getirilip, olar “ýurtda demokratiýanyň ösýändiginiň nyşany” hökmünde hödürlenýär.

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna sanlyja gün galan pursatlary türkmen mediasynda, üçünji möhlete dalaş edýän, prezident G. Berdimuhamedow baradaky reportažlar hem ýygjamlaşýar.

Penşenbe güni Berdimuhamedowyň ýokary derejeli emeldarlary bilen “Aziada-2017” oýunlarynyň baş meýdançasyna aýlanyp, ol ýerdäki abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşýan; şeýle-de atçylyk toplumyna baryp, at çapýan pursatlary görkezildi.

Resmi medianyň beýleki reportažlarynda hem bolşy ýaly, düýnki efire goýberilen maglumatlarda-da Berdimuhamedowyň häsiýetli aýratynlyklary baradaky “wasplaryň” agdyklyk edendigini görse bolýardy.

12-nji fewrala bellenen saýlawlar golaýladygyça, türkmen mediasynda Berdimuhamedowyň özi baradaky reportažlar bilen birlikde, oňa goldawyny görkezmäge, wasp etmäge gönükdirilen gepleşikler hem ýygjamlaşýar.

9-njy fewralda türkmen telewideniýesinde saýlawlar bilen baglylykda efire berlen tegelek stol gepleşiginde-de häli-şindi Berdimuhamedowdan sitatalar getirilip, olar “ýurtda demokratiýanyň ösýändiginiň nyşany” hökmünde hödürlenýär.

Galyberse-de, saýlawlaryň öňüsyrasy prezidentiň welaýatlara eden saparlarynda dürli pudaklarda zähmet çekýän ses berijileriň öz seslerini hut Berdimuhamedowa bermegini wada edýän şekilleri görkezilipdi.

Ýatladyp geçsek, şol saparlaryň dowamynda – Türkmenistanyň Saýlawlar baradaky kanunçylygyna ters gelýän – prezidentiň ses berijilere dürli sowgatlary berýän pursatlary-da görkezildi. Her nähili-de bolsa, türkmen saýlaw resmileri Berdimuhamedowyň bu hereketinde nähilidir bir kanun bozulmanyň bolandygyny inkär etdiler.

Şonuň bilen bir wagtda, türkmen mediasynda prezidentlik kürsüsine dalaş edýän galan sekiz kandidat barada, Berdimuhamedow bilen deňeşdirilende, juda çäkli we gurak maglumatlar berilýär.

Berdimuhamedow saýlaw kampaniýasy döwri özüniň efir wagtyny beýleki dalaşgärleriň arasynda deň paýlanyp berilmegini tabşyran bolsa-da, türkmen mediasynda galan kandidatlaryň öz programmalary baradaky ençeme minutlyk çykyşlaryndan özge hiç hili maglumatlar berilmeýär; olary goldap çykyş edýän türkmenistanlylar-da görkezilmeýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy 9-njy fewralda dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy döwrüniň tamamlanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG