Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýada korrupsiýa garşy protestler dowam edýär


Hökümete garşy protest, Buharest, 10-njy fewral, 2017

Rumyniýada korrupsiýa garşy protestleriň 11-nji fewralda hem dowam etdirilmegine garaşylýar.

10-njy fewralda onlarça müň adam köçä çykyp 11 gün bäri dowam edýän protest çykyşlaryny dowam etdirdi. Protestçiler ýurtda korrupsiýa garşy göreşi çäklendirmäge çalyşýan çepçileriň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň çekilmegini talap edýärler.

10-njy fewralda Paýtagt Buharestde azyndan 7000 protestçi hökümet jaýynyň daşynda jemlendi. Ýurduň günorta-günbataryndaky Timisoara şäherinde 3500 adamyň proteste çykandygyny media serişdeleri habar berdiler.

Müňlerçe adamyň ýurduň ýene birnäçe şäherinde proteste çykandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda-da paýtagt Buharestde we beýleki şäherlerde hökümeti goldap çykyş edýän kiçi demonstrasiýalaryň geçirilendigi, şol sanda hökümetiň korrupsiýa garşy kanunlary gowşatmak kararyna garşy çykyş eden prezident Klaus Iohannise garşy çykyşyň geçirilendigi barada habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG