Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe prezidentligi güýçlendirmek boýunça referendum geçirer


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýe 16-njy aprelde Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek boýunça referendum geçirer. Üýtgetmeler ýurduň parlament sistemasynyň ýerine prezident sistemasyny girizmegi göz öňünde tutýar, diýip ýurduň Baş saýlaw komissiýasynyň başlygy 11-nji fewralda aýtdy.

Bu teklip prezidente permanlary çykarmaga, adatdan daşary ýagdaýlary yglan etmäge, ministrleri hem ýokary wezipeli resmileri bellemäge we parlamenti dargatmaga ygtyýar berer.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan reformanyň howsalaly döwürde durnuklylygy üpjün etjegini aýdýar. Onuň garşydaşlary bu ädimiň çäksiz awtoritar häkimiýete ýol açýandygyny aýdýarlar.

Parlament kanuny geçen aýda makullady. Onuň referendumda tassyklanmagy Erdoganyň 2029-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açýar.

XS
SM
MD
LG