Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň garaşsyz žurnalistleri yzarlamagyny ýazgarýar


Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Media korporasiýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistleri yzarlamagyny ýazgardy.

Korporasiýanyň prezidenti Tomas Kentiň beýannamasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk eden žurnalistler Saparmämmet Nepesgulyýewi we Hudaýberdi Allaşowy dessine boşatmaga çagyryş edilýär.

Türkmenistandaky agyr ýagdaýlar barada beren tankydy maglumatlary bilen tanalýan Allaşow 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda nas temmäkisini saklamakda aýyplanyp, öz öýünde tussag edildi. Oňa sekiz ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmek howpy abanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda neşe saklamakda aýyplanyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu aýyplamalary galp we syýasy matlaply diýip atlandyrdylar.

Tomas Kent Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ähli ses berijileriň dalaşgärler, olaryň programmalary we ýurtdaky umumy ýagdaýlar barada dogry informasiýa eýe bolmak hukugynyň berjaý edilmeginiň has-da möhümdigini ýatlatdy.

ABŞ, ÝHHG, şeýle-de metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän guramalar Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň ýagdaýyna aladalanma bildirýärler.

“Human Rights Watch” we “Serhetsiz Reportýorlar” guramalary Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasynda söz azatlygyna edilen “öň görlüp-eşidilmedik basyşy” ýazgardylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG