Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlar: Okuwçylara býulletenler paýlanyp, Berdimuhamedowa ses bermek tabşyryldy


Saýlaw býulleteni

Aşgabatda prezidentlik saýlawlarynyň öňýany mekdepleriň biriniň orta klas okuwçylaryna saýlaw býulletenleri paýlanyp, olarda dürli ruçkalarda we hat ýazuwynda, ýagny poçerkde Gurbanguly Berdimuhamedowa ses bermek tabşyryldy.

Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, şeýle görkezme 10-njy fewralda paýtagtyň Kemine (2035) köçesiniň ugrundaky 15-nji mekdebiniň orta klaslarynyň birine berlipdir.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu mekdepde 12-nji fewralda geçýän saýlawlar bilen bagly saýlaw uçastoklarynyň biri hem ýerleşip, mekdebiň mugallymlary-da saýlaw komissiýasynyň düzümine girýärler.

“Elbetde, býulletenleri mekdebiň daşyna çykarmak amatsyz. Şol sebäpli, býulletenler öňünden doldurylyp, olar saýlaw güni ses bermäge gelmedik raýatlaryň adyndan saýlaw bukjalaryna oklanarlar” diýip, bu çärä ilteşigi bolanlaryň biri Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Emma, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri býulletenleriň alnandagy baradaky hasap depderçesine öňünden taýýarlanyp goýlan býulletenleriň nähili ýagdaýda hasaba alynjakdygy dogrusynda anyk maglumatlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy ýokarky mesele dogrusynda Türkmenistanyň Saýlawlar baradaky komissiýasyna jaň edip nähilidir bir derňewiň geçirilip geçirilmejekdigini soranda, degişli türkmen resmisi "faktlar ýok, derňew hem ýok" diýip, jogap berdi.

Şeýle-de Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň biri býulletenleriň öňünden doldurylýandygy dogrusyndaky maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Saýlaw baradaky komissiýasyna jaň edende, ol ýerdäki resmi gödek gürleşip, soňy bilende 'Azatlyk Radiosy saýlawlarda synçy bolanda, biz hem onuň saýlawlarda bolup geçýän biduzgünçilikler baradaky maglumatlaryny seljereris" diýip, jogap berendigini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, saýlaw güni Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň dürli saýlaw uçastoklaryna aýlanandyklaryny, emma ses berijileriň uly aktiwliginiň göze ilmeýändigini habar berdiler.

Ýekşenbe güni geçýän saýlawlara jemi dokuz kandidat gatnaşýar. Şol bir wagtda, halkara we ýerli synçylar ses berilişigiň netijesinde üçünji gezek bu wezipä dalaş edýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň “ynamly” ýeňiş gazanjakdygyny öňünden çakladylar.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan bäri, ýurtdaky hiç bir saýlaw halkara guramalary tarapyndan açyk we adalatly diýlip häsiýetlendirilmedi.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG