Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demirgazyk Koreýa synag raketasyny atdy


Tramp bu raketa synagynyň düýpden kabul ederlik däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň harbylary Demirgazyk Koreýanyň 12-nji fewralda irden ballistik raketany synag edendigini habar berdiler.

Birleşen Ştatlar, Seul we Ýaponiýa bu döwlete garşy çäre görmek üçin ähli mümkinçiligi gözden geçirýändiklerini aýdýarlar.

"Uçuş aralygy 500 kilometr çemesi boldy, onsoň Günorta Koreýa bilen Birleşen Ştatlar goşmaça maglumat toplamak üçin içgin analiz edýärler» diýip, Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby ştabynyň edarasy aýtdy.

ABŞ-nyň resmileri bu raketany yzarlandyklaryny, onuň aram ýa-da orta uzaklyga ýetýän raketa bolandygyny,kontinentalara ballistik raketasy däldigini aýtdylar.

Şeýle-de olar bu raketanyn Birleşen Ştatlara wehim salmaýandygyny aýtdylar.

Bu habar ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň Floridada duşuşýan wagtyna gabat geldi.

Tramp planlaşdyrylmadyk brifingde Abe bilen çykyş edip, bu raketa synagynyň düýpden kabul ederlik däldigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG