Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmir atyşygynda ýedi adam öldi


Atyşyk mahalynda dört jeňçi, iki esger wepat boldy.
Atyşyk mahalynda dört jeňçi, iki esger wepat boldy.

Hindistanyň kontrollygyndaky Kaşmirde bolan ýaragly söweşde güman edilýän jeňçileriň 4-si, hindi esgerleriniň bolsa 2-si öldürildi diýip, goşun ofiserleri aýtdylar.

Jeňçiler günorta Kaşmirde bir obada gizlenýän eken we goşun hem polisiýa olaryň daşyny gabady diýip, 12-nji fewralda polisiýa resmileri aýtdy.

Atyşyk mahalynda dört jeňçi, iki esger wepat boldy. Atyşygyň arasynda galan bir asuda adam hem öldi diýip, resmiler aýtdylar.

"Dört terrorçy öldürildi, olaryň garşylyk görkezen ýerinden dört ýarag tapyldy" diýip, Srinagardaky harby wekil aýtdy.

Hindi goşuny bu çaknyşykda 3 esgeriň ýaraly bolandygyny aýtdy, ýaşaýjylar hökümet güýçleriniň içi partlaýjy enjamly bir jaýy partladandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG