Pakistanyň owgan serhedi bilen golaýyndaky Günorta Waziristan tire-taýpalar regionynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde ýarym harby esgerleriň üç sanysy öldi diýip, ýurduň harbylarynyň beýanatynda habar berilýär.
13-nji fewralda ýaýradylan beýanatda gürrüňi edilýän üç esgeriň 12-nji fewralda Zarmilan sebitinde geçirilen gözleg operasiýalary döwründe ýaralanandygy we soňra keselhanada aradan çykandygy aýdylýar.
Pakistanda gadagan edilen “Tehrik-e-Taliban Pakistan” harby guramasynyň metbugat wekili Mohammad Hurasani wakada bäş esgeriň öldürilendigini we harby ulagyň doly weýran bolandygyny aýdyp, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Pakistanyň armiýasy ýurduň tire-taýpalar regionynda uly gerimli operasiýalary geçirýärler. Emma şol bir wagtda, jeňçiler henizem wagtal-wagtal öz hüjümlerini amala aşyrýarlar.