Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tamyň ýokary derejeli maslahatçysy wezipesinden çekildi


Maýkl Flin (Michael Flynn)
Maýkl Flin (Michael Flynn)

Ak tam milli howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Fliniň (Michael Flynn) öz wezipesinden çekilendigini yglan etdi. Bu waka Fliniň Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen bolan gatnaşyklary barada Trampyň ýokary derejeli resmilerini ýalňyş ugrukdyrandygy barada maglumatlar peýda bolan mahalyna gabat geldi.

13-nji fewral gijesi Fliniň öz wezipesinden çekilmegi prezident Donald Trampyň ýokary maslahatçylar toparyna ir adaty bolmadyk silkeleniş boldy.

Flin Trampyň geçen ýylky prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda onuň wepaly goldawçysydy. Ýöne Fliniň Russiýa bilen gatnaşyklary Trampyň ýokary derejeli beýleki maslahatçylarynyň arasynda aladalanmalaryň döremegine sebäp boldy.

Muňa Russiýanyň kanunçykaryjylary gyssanmaç reaksiýa bildirmek bilen, Flini Trampyň Moskwa bilen aradaky juda dartgynly gatnaşyklary bejermek ugrunda edýän islendik tagallasyny gowşatmak ugrundaky kampaniýanyň pidasy hökmünde häsiýetlendirdiler.

XS
SM
MD
LG