Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bişkek: Gadagan edilen yslamçy toparyň şübheli sekiz agzasy tussag edildi


"Yslam döwleti" toparynyň söweşijisi

Gyrgyzystanyň polisiýasy gadagan edilen yslamçy toparyň agzasy diýlip güman edilýän sekiz adamy tussag etdi.

Içeri işler ministrliginiň resmileriniň 14-nji fewralda beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän adamlar “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy bolmakda güman edilip, ýurduň günortasyndaky Kara-Suu etrabynda tussag edildiler.

Ministrligiň maglumatyna görä, polisiýa şübhelileriň käbirleriniň öýünde “ekstremist mazmunly bolmagy mümkin” kitaplary we wideo materiallary tapdy.

Gyrgyz häkimiýetleri “Hizb ut-Tahririň” ýaşlary radikallaşdyrmak hem-de olary Siriýada we Yrakda söweşmäge hakyna tutmak üçin “Al-Kaýda” we “Yslam döwleti” toparlarynyň söweşijileri tarapyndan edilýän tagallalarda rolunyň bardygyny nygtaýarlar.

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynda we Russiýada gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” topary özüniň parahatçylykly guramadygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG