Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda yglan edilen günä geçişde 828 adam türmeden boşadyldy


Türkmenistanyň türmeleriniň biri.
Türkmenistanyň türmeleriniň biri.

Türkmenistanda yglan edilen günä geçişde 828 adam türmeden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabatlap gol çeken permanyna görä, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini, şeýle-de goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadylypdyr.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň tabşyrylandygyny türkmen mediasy habar berýär.

Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri günä geçişler ýylyň dowamynda ençeme gezek, esasan döwlet baýramçylyklaryna gabatlanyp yglan edilýär.

XS
SM
MD
LG