Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ-nyň basyş taktikalaryny ret edýär


Mohammad Javad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif öz ýurdunyň haýbatlary we mejbur etmeleri ret edýändigini, «özara kabul ederlikli ssenariýalara" esaslanýan diplomatik çözgütleri gözleýändigini aýtdy.

Zarif 19-njy fewralda, Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, ABŞ sanksiýalaryny we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň golaýda Eýranyň ýakynda geçirilen ballistik raketa synagy sebäpli «bellige alnandygy» barada aýdan sözlerini ret etdi.

“Eýran haýbat atmalara kän baş galdyrmaýar” diýip, Zarif aýtdy. “Biz haýbat atylmalaryna kän baş galdyrmaýarys. Biz sanksiýalara kän baş galdyrmaýarys, emma biz özara hormat-sylaga örän gowy baş galdyrýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Zarif «Yslam döwleti» terror toparyny Siriýadaky himiki ýaragly ele geçirmekde aýyplady we “himiki ýaragyň ulanylmagy bilen hiç wagt ylalaşylmaz” diýdi.

XS
SM
MD
LG