ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis öňünden yglan edilmedik sapary bilen Bagdada bardy. Bu saparyň “Yslam döwleti” (YD) atly söweşiji topara garşy söweşe gönükdirilýändigi aýdylýar.
Mattisiň 20-nji fewralda eden bu sapary Yragyň premýer-ministr Haidar al-Abadiniň YD toparynyň galasy hasaplanýan Mosul şäheriniň günbatar tarapynda harby çäreleriň täze tapgyryny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Mattisiň Bagdatda eden ilkinji çykyşy prezident Trampyň ABŞ-nyň harby ýardamy üçin “Yrakdan nebit almak” barada eden çykyşyndan soň Yragyň liderlerini köşeşdirmek maksadyna gönükdirildi.
Mattis Yraga baran badyna ABŞ-nyň “kimdir biriniň nebitini almak üçin Yrakda bolmandygyny aýtdy”.
ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň Yraga eden bu sapary ýurduň hökümetiniň Mosulyň günbatar bölegini ele salmak boýunça edýän basyşynyň ikinji gününe gabat geldi.
ABŞ-nyň howa hüjümlerine daýanýan yrak goşuny Mosul şäherini YD toparynyň söweşijileriniň elinden basyp almak boýunça dört aýlap söweşdi.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok