Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedowyň ýene bir kitaby köpçülige hödürlendi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow öz kitabyny hökümet resmilerine gowşurýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitaby köpçülige hödürlendi.

20-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň ofiserler öýünde geçirilen prezentasiýa dabarasynda köpçülige hödürlenen “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyň “Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň alyp barýan işleriniň harby-taryhy barlaglary bolup durýandygy” we “harby reformalaryň durmuşa geçirilişini”, hem-de “döwletiň harbylar barada edýän aladalaryny” görkezýän dokumentleri hem suratlary öz içine alýandygy resmi maglumatlarda habar berilýär.

Mundan öň Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny 17-nji fewralda prezidentlik wezipesine geçmek boýunça inaugurasiýa dabarasynda ýurduň harby ýolbaşçylaryna paýlady.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistana ýolbaşçylyk edip, 12-nji fewralda üçünji gezek prezident saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ösümlikler, ykdysadyýet, syýasat, medeniýet, atçylyk, türkmenleriň milli däp-dessurlary, aýdym-sazlary bilen bagly dürli temalara bagyşlanan 40-dan gowrak eser çap edildi.

XS
SM
MD
LG