Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň ýadro arsenalyny güýçlendirmek isleýändigini mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň ýadro arsenalyny güýçlendirmek isleýändigini mälim edip, ýurduň ýadro ýaragyna eýe döwletleriň "toparynyň öňünde durýandygyny" güwä geçmelidigini aýtdy.

Tramp 23-nji fewralda Reuters agentligine beren giň göwrümli interwýusynda Birleşen Ştatlar “ýadro ýaraglarynyň kuwwaty boýunça yzda galdy” diýdi.

“Ýadro ýaragy hiç bir ýurtda bolmadyk bolsa, bu ajaýyp bolardy, bu bir arzuw bolardy, emma ýurtlar ýadro ýaragyna eýe bolýarka, biz bu toparyň öňünde bolmakçy” diýip, Tramp aýtdy.

Şeýle-de ol ABŞ-nyň we Orsýetiň arasynda strategik ýaraglary çäklendirmek boýunça 2010-njy ýylda baglaşylan “New START” atly ylalaşygyň bir taraplaýyn şertnama bolandygyny belledi.

Ylalaşykda taraplaryň ikisiniň-de strategiki ýadro ýaraglarynyň sanyny indiki ýylyň fewral aýyna çenli deň derejede çäklendirmegi we şol sany on ýylyň dowamynda saklamagy göz öňünde tutulýar.

Beýleki çäklendirmeleriň arasynda ýurtlaryň her birinde söweşe taýýar ýadro ýaraglarynyň sanynyň 1550-den geçmeli däldigi ylalaşykda aýdylýar.

“New START ylalaşygyndan başga ýurduň baglaşan ýene bir ýaramaz ylalaşygy Eýran bilen ýadro ylalaşygydyr” diýip, Tramp Reuters agentligine beren interwýusynda aýtdy. Tramp ABŞ “gowy ylalaşyklary baglaşmaga başlamakçy” diýdi.

XS
SM
MD
LG