Aşgabadyň Hitrowka raýonynyň çäginden geçýän ozalky Griboýedow, häzirki Hoja Ahmet Ýasawy köçesini giňeltmek işleri indi bir ýyl bäri dowam edýär. Bu çäräniň dowamynda köçäniň ugrunda ikigapdallaýyn ýerleşýän birnäçe edara jaýlary, ýaşaýyş jaýlary, Arzuw bazary hem ýumruldy.
Köçe giňelýär, jaýlar ýumrulýar
1
Soňky bir aýyň dowamynda bu köçäniň Andalyp köçesinden başlap, günbatarlygyna Gogol köçesi aralygyna çenli bölegi giňeldilip başlandy.
2
Bu rekonstruksiýa işleri bilen bagly, gündogardan-günbatarlygyna köçäniň ugrundaky sag tarapky ýaşaýyş jaýlaryndan onlarçasy ýumruldy.
3
Köçäniň ugrunda alnyp barylýan işleriň bu köçäniň ugrunda ýerleşýän mekdebe gatnaýan okuwçylarada, köçäniň ugrunda ýumrulman galan jaýlaryň ýaşaýjylaryna-da öz ýaramaz täsirini ýetirýändigi äşgär görünýär.
4
Ozalky Halturin köçesiniň ugrunda maşyn gatnawy juda köp bolany sebäpli, bu köçe bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň tozany jaýlaryň içinde hem demiňi tutýar diýip ýaşaýjylar aýdýarlar.