Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Baş prokurory rus ilçisi bilen duşuşyklary barada ýazmaça düşündiriş berer


ABŞ-nyň Baş prokurory Jeff Sessions
ABŞ-nyň Baş prokurory Jeff Sessions

ABŞ-nyň Baş prokurory Jeff Sessions geçen ýylyň prezident saýlawlary kampaniýasy mahalynda özüniň rus ilçisi bilen bolan gatnaşyklary barada ýazmaça düşündiriş berer diýip, Adalat departamenti 3-nji martda aýtdy.

Sessions 6-njy martda, Senatyň Kanunçylyk komitetinde demokratik komissiýa tarapyndan berlen soraglara jogap berer.

Demokratlar onuň ýanwarda, wezipä tassyklanmazyndan öň bolan komitet diňlenişiginde Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sergeý Kislýak bilen bolan iki duşuşygy barada dymmagynyň sebäbini aýtmagyny talap edýärler.

Adalat departamenti Sessionsyň şol wagt beren görkezmesiniň düzedilen görnüşi bilen tanyşdyrjakdygyny aýtdy.

Alabamanyň öňki senatory Sessions 2-nji martda Kislýak bilen özüniň senatdaky ofisinde, saýlawlardan iki aý öň we iýulda, Respublikanlaryň milli konwensiýasy mahalynda beýleki ilçiler bilen bilelikde görşendigini aýtdy.

Emma ol rus ilçisi bilen näme gürrüň edendigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG