Bakuwdaky häkimiýetler Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarowyň 7-nji martda Orsýete iki günlük sapar etjekdigini aýdýarlar.
Azerbaýjanyň Daşar işler ministrliginiň beýanatynda Mammadýarowyň sapar mahalynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygynyň orunbasary Ylýas Omarhanow bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygy aýdylýar.
Mammadýarowyň Lawrow bilen duşuşygynda golaýda Azerbaýjanyň bölüniji Dagly-Grabag sebitindäki front liniýasynda azeri goşunlary bilen etniki ermenileriň separatist söweşijileriniň arasynda bolan çaknyşyk barada maslahat edilmegine garaşylýar.
25-nji fewralda bolan çaknyşykda ol ýerde azyndan bäş azeri esgeri, 1-nji martda bolsa azyndan bir ermeni separatist söweşijisi öldürildi. Iki tarap hem gowuşgynsyz ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozmakda bir-birini aýyplaýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!