Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ABŞ-nyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga “açyk”


Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak
Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak

Russiýa nebit we gaz pudagy boýunça Birleşen Ştatlaryň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we inwestisiýalara “açyk” diýip, rus energetika ministri Aleksandr Nowak aýtdy.

Nowak 6-njy martda Hýustonda geçirilen energetika konferensiýasynda çykyş edip, dünýäniň iň uly nebit öndürijisiniň öz kontinental şelflerinde, şol sanda arktiki giňişliginde täze nebit ýataklarynyň üstüni açmaga heniz hem “uly potensialy” bar diýdi.

Şu günki gün dünýä bazarlarynda nebitiň bir barreli $50-$60 barabar mahaly, Russiýada düşewüntlilik paýy “dünýädäki iň ýokary derejeleriň arasynda” diýip, Nawak aýtdy.

Şeýle-de, ol “TASS” habar agentligine beren maglumatynda agzalýan konferensiýada rus nebit we gazyna maýa goýmak bilen gyzyklanýan 13 sany “global fondy” bilen duşuşandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG