Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hökümetde işlemeýän aýal-gyzlar kemsinýär”


Türkmen zenany
Türkmen zenany

Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan zenan işgärlere, studentlere, mekdep okuwçylaryna we çagalar bagynyň gyz çagalaryna 40 manat möçberinde prezidentiň sowgady gowşuryldy.

Türkmen telewideniýesinde bu pul serişdesini aýal-gyzlaryň we çagalaryň maňlaýyna sylyp alýan pursady görkezildi.

Şol bir wagtda, döwlet edara-kärhanalarynda işlemeýän käbir aýal-gyzlar indi ençeme ýyl bäri amala aşyrylýan bu tejribäniň çäginde özlerine hiç hili pul sowgadynyň berilmeýändiginden şikaýat edýärler.

Bu barada Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan 35 ýaşyndaky kärendeçi Aýnagözel Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

“Hökümetde işlemeýän aýal-gyzlar kemsinýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:58 0:00

XS
SM
MD
LG