Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Owganystan bilen serhet geçelgesini gaýtadan ýapdy


Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky Torham serhet geçelgesinden geçmäge garaşýan adamlar. 7-nji mart, 2017 ý.

Pakistan özüniň Owganystan bilen arasyndaky iň esasy iki serhet geçelgesini iki günlük açansoň, 9-njy martda gaýtadan ýapdy. Soňky iki günüň dowamynda bu serhet geçelgelerinden müňlerçe adam geçdi.

Yslamabat ýurtda janyndan geçeniň amala aşyran birnäçe hüjüminde onlarça çaga, esger we polisiýa ofiserleri ölensoň, 16-njy fewralda özüniň Torham we Ghaman serhet geçelgelerini ýapypdy.

Pakistanyň hökümeti hüjümleriň Owganystandan gelen söweşijiler tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdiler.

“Associated Press” habar agentliginiň serhet araçäginiň dolandyrylyşyna gözegçilik edýän resmiler Faýýaz Hana we Irfan Tura salgylanyp berýän maglumatyna görä, iki ýurduň arasyndaky serhet geçelgeleri näbelli möhlete ýapyldy.

XS
SM
MD
LG