Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp palestin prezidenti Mahmud Abbasy Ak tama maslahata çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 10-njy martda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasy, Ysraýyl bilen parahatçylygy ýola goýmaklaryny maslahatlaşmak üçin, Ak tama çagyrdy. Bu iki lideriň arasyndaky ilkinji telefon gürrüňi boldy.

Ak tamyň maglumatyna görä, Tramp Abbasa onuň Ysraýyl bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagy üçin göni gepleşmelidigini, ABŞ-nyň bu maksada ýetmek üçin iki tarap bilen hem ýakyndan işlejekdigini aýdypdyr.

Palestinalylar Trampyň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuy berk goldamagyndan alada galypdylar.

Abbas iki döwlet çözgüdini öňe sürýär we Ysraýylyň basylyp alnan ýerlerden oba gurmagyny iki tarapyň arasynda parahatçylyk gazanylmagyna esasy bökdençlik hasaplaýar.

Tramp saýlaw kampaniýasy mahalynda bu obalaryň gurluşygyna parahatçylyga bökdençlik hökmünde garamaýandygyny aýtdy we ol inagurasiýa edileli bäri Ysraýyl oba gurmasyny has-da çaltlandyrdy.

Emma Tramp, 15-nji fewralda Ak tamda sapara gelen Netanýahuy geň galdyryp, «oba gurmak meselesini entek biraz duruz» diýdi we munuň parahatçylyk prosesine o diýen ýardam etmejekdigini duýdurdy.

Şeýle-de ol, parahatçylyk üçin, iki tarapyň hem eglişik etmeginiň zerurdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG