Sepleriň elýeterliligi

Batumi: Protestlerde azyndan 21 adam ýaralandy


Protest aksiýasy, Batumi

Gürjüstanyň Batumi şäherinde ulag duralgalaryna degişli jerimeleriň daşynda turan dawanyň nertijesinde azyndan 21 polisiýa işgäri we protestçi ýaralandy.

Ýerli medianyň 12-nji martda habar bermegine görä, polisiýa özüniň daşlan esasan ýaşarlardan bolan ýzelerçe protestçä garşy göz ýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanypdyr.

Bu zorlugyň bir adamyň nädogry ýerde goýan ulagy üçin jerime tölemekden ýüz öwürmeginden soň tutaşandygyny düýbi Gürjüstanda ýerleşýän “Democracy & Freedom Watch” websaýty habar berýär.

Maglumatda sürüjiniň polisiýa garşylyk bildirip, tussag edilendigi aýdylýar.

Websaýt ýüzlerçe protestçiniň garaňkyda Batuminiň köçelerinde daş atýandygyny görkezýän wideony ýerleşdirdi.

Regionyň saglygy saklaýyş ministri Zaal Mikeladze 11 polisiýa ofiseriniň we 10 demonstrantyň göz ýaşardyjy gazdan ýaralanandygyny we keselhana düşendigini aýtdy.

Ençeme adam tussag edildi. Emma Gürjüstanyň içeri işler ministri Giorgi Mgebrişwili tussag edilenleri dartgynlylygy gowşatmak maksatly boşatmaga görkezme berlendigini aýtdy.

Batumi Gürjüstanyň ululygy boýunça ikinji şäheri we syýahatçylaryň köp barýan ýeri.

Media maglumatlaryna görä, polisiýanyň kiçi düzgün bozmalar üçin uly jerime salmagynyň Batuminiň ilatynda gahar-gazap döredendigini oppozision syýastçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG