Sepleriň elýeterliligi

Rotterdam: Köçe polisiýasy Türkiýäniň konsulhanasynyň öňündäki demonstrasiýany dargatmak boýunça çäre görýär


Türkiýäniň konsulhanasynyň golaýyndaky demonstrasiýa, Rotterdam, 11-nji mart, 2017.

Gollandiýanyň köçe polisiýasy Rotterdamda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ýüzlerçe tarapdarynyň Türkiýäniň konsulhanasynyň golaýyndaky üýşmeleňini dargatmak üçin atly çykdy.

AFP agentliginiň habarçylary 12-nji martda Gollandiýanyň polisiýasynyň ençeme sagatlap dowam eden parahatçylykly, emma şowhunly demonstrasiýany dargatmak üçin çärelere başlandygyny, hususan-da suw pürkýän gurallary ulanandygyny habar berdiler.

Günüň başynda irden emele gelen bu dartgynlyk Gollandiýanyň häkimiýetleriniň Erdoganyň prezidentlik ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça indiki aýda Türkiýede geçiiljek referenduma goldaw hökmünde geçirilýän bu çyşykyşlara Türkiýäniň iki hökümet agzasynyň gatnaşmagynyň öňüni almagynyň yzýany başlandy.

XS
SM
MD
LG