Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň tankytçysy Kara-Murza Orsýete dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy


Wladimir Kara-Murza
Wladimir Kara-Murza

Kremliň tankytçysy Wladimir Kara-Murza prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy protestini dowam etdirmek üçin Orsýete dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

“Elbetde, men şübhesiz Orsýete dolanaryn” diýip, Kara-Murza 12-nji martda Waşingtonda CBS telewideniýesiniň “60 minut” atly programmasynda aýtdy.

Kara-Murza soňky iki ýylyň dowamynda iki gezek agyr ýagdaýda keselhana düşdi. Onuň maşgalasy we hossarlary näsaglygyň sebäplerini bilkastlaýyn zäherlenmeginde görýärler.

Orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiniň hökümete degişli bolmadyk guramasynyň “Açyl Orsýet” proýektiniň koordinatory Kara-Murza öň Orsýetiň resmilerine we media ýolbaşçylaryna garşy sanksiýalar meselesinde ABŞ-nyň kanun çykaryjylary bilen işleşipdi.

Kara-Murza 2015-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň merkezinde atlyp öldürlen oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň syýasy ýaranydy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň berk tankytçysy täsirli respublikan senator Jon Makkeýn 7-nji fewralda Senatda eden çykyşynda Kara Murza “rehimsiz we howply häkimiýet bilen gapma-garşylykda öz ideallaryna ynam baglandygy” üçin “ýene zäherlenip” ejir çekýär diýdi.

Kara-Murza CBS telekanalynda eden çykyşynda özüniň atylyp öldürlen, gümürtik ýagdaýda öz janyna kast eden ýa-da zäherlenen Kremiň tankytçylarynyň diňe biridigini belledi.

XS
SM
MD
LG