Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öý-hojalyk tehnikasyny öndürip başlar


Önümçilik kärhanasy, Türkmenistan
Önümçilik kärhanasy, Türkmenistan

Türkmenistan öý-hojalyk tehnikasyny öndürmegi planlaşdyrýar.

Döwlet mediasyna görä, Türkmenistanyň senagat ministrliginiň elektron gurallaryň önümçiligini ösdürmek boýunça döwlet programmasyň çäginde ýurtda ösen tehnologiýalaryň esasynda pudak kärhanalary döredilýär.

Öý-hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini, gaz we elektrik ojaklary, peçleri, tozansorujylary öndürmek üçin “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýeti döredildi diýlip, resmi maglumatda aýdylýar we içerki bazar üçin ýokary hilli elektrik tehnikasyny öndürmegiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini, importyň möçberini azaltmaga mümkinçilik berjekdigi bellenýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmagyň, onuň ýerine içerki önümçiligi ösdürmegiň zerurdygyny bir ýyldan gowrak wagt bäri aýdyp gelýärler.

Geçen aýda türkmen hökümeti ýurduň importynyň 2016-njy ýylda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,2 prosent peselendigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG