Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan ABŞ-nyň has köp goşun ýollamagyny isleýär


Owganystanyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani, Moskwa, 7-nji fewral, 2017
Owganystanyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani, Moskwa, 7-nji fewral, 2017

Owganystan “Talybana” we “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy göreş üçin ABŞ-nyň has köp goşun ýollamagyny isleýär, diýip ýurduň baş diplomaty 21-nji martda aýtdy.

Owganystanyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani ABŞ-nyň Owganystandaky harby ýolbaşçysy general John Nikolsonyň urşa ýatan ýurdy çykgynsyzlykdan çykarmak üçin ABŞ-dan ýa-da beýleki koalision güýçlerden birnäçe müň harbyny ýollamak barada ýakynda eden çagyryşyny goldady.

Trampyň administrasiýasy Nikolsonyň beýannamasy bilen baglylykda goşun iberip-ibermejegini entek mälim etmedi.

Häzirki wagtda Owganystanda ABŞ-nyň 8400 harbysy ýerleşýär, olar terrora garşy operasiýalary amala aşyrýarlar we owgan harbylaryny türgenleşdirýärler.

Owganystanda 16 ýyl bäri uruş dowam edýär.

XS
SM
MD
LG