Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda eýesiz itleriň sany artýar


Aşgabatda eýesiz it.

Aşgabadyň köçelerinde eýesiz gezip ýören itleriň sany gün-günden artýar. Häkimlikleriň eýesiz itleri ‘awlap’ köçeleri, kiçi etrapçalary itlerden arassalaýandyklaryna garamazdan, eýsiz itlere kän duşsa bolýar.

Eýesiz itleriň köçelerde köpelip ugramagynyň sebäplerini aşgabatly ýaşaýjy, 70 ýaşly pensioner Meretdurdy aga şeýle düşündirýär.

“Bazarlarda, dükanlarda azyk önümleriniň gymmatlamagy bilen itleri öý şertlerinde iýmitlendirip saklamak maşgalalara has gymmada düşüp başlady.

Köp çagaly, bir aýlyk bilen güzeran aýlap oturan maşgalalar öz iýjek azyk önümlerini alada edýärler. Şu günüňi tapsaň, ertäň alada. Öz iýjegiňden daşary itdir pişik janawerleri hem naharlajak bolsaň, bergä batmaly bolýarsyň.

Hälem şu hususy dükanlar adamlaryň goltugyndan göterýär. Puluň ýok wagty ‘gaýrat et, ýazga beräý, aýlykda hasaplaşaryn’ diýip, dükan eýelerine ýüz tutsaň, ýok diýenoklar. Şeýdip, öz güzeranmyzy zordan aýlaýarys. Onsoň it janawerleriň iýmiti maşgala agram salýar. Şu sebäplere görä, itleri köçä kowmaga mejbur bolýarlar” diýip, Meretdurdy aga aýdýar.

Jaýlary ýumrulyp, köp gatly ýaşaýyş jaýlara göçüp gelen ýaşaýjylaryň köpüsi ozal howluda saklan itlerini nirä kowjaklaryny bilmän, özleri bilen alyp gaýdyp, girelgelerde, öz öýleriniň gapylarynda saklap, olary iýmitlendirýärler.

Mümkinçiligi bolan adamlar itdir pişiklere öz öýlerinden hem orun berýärler. Emma şeýle mümkinçilik köp hojalykda ýoklugy sebäpli, itleriň köpüsi köçede galmaly bolýar.

“Soňky bir aýyň dowamynda häkimlikleriň itleri ýok edip başlamagy bilen olaryň sany azalan bolsa-da, itlerini saklap bilmeýän ýaşaýjylaryň olary köçä kowmagy bilen eýesiz itleriň sany ýene-de artdy” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Iýmitden kesilen it janawarlaryň zir-zibil oklanýan çelekleriň ýanynda iýmit göläp ýörenlerini görmek bolýar.

Emma olaryň köpüsi köçäniň eýlesine bir geçip, beýlesine bir geçip, öten-geçen adamlardan ýa duralgada duran adamlardan howandarlyk gözleýärler. Iýmit gözleginde köçelerde selkildäp ýörenleri hem kän.

Aşgabadyň Parahat-8 etrapçasynda ýaşaýan Oraz aga öz itini köçä kowsa, ony häkimlikleriň ýok ederinden ätiýaç edip, Aşgabadyň golaýyndaky obalaryň birinde ýaşaýan tanyşlarynyňka eltip gaýdandygyny aýdýar.

“Itim juda akyllydy. Biz ony maşgalanyň bir agzasy höküminde görýärdik. Emma ony iýmitlendirmek gün-günden kyn bolup başlady. Men ony köçä kowmaga dözmän, şäheriň golaýynda ýaşaýan bir tanşymyňka eltip gaýtdym.

Tanşym ol iti bir hepdeläp zynjyra baglap saklapdyr, indi öwrenişendir-dä diýip, zynjyrdan boşadansoň, it göni yzyna gaýdyberipdir.

Bir görsek, itimiz gapyda ýatyr. Wah, janawar, ajalňa howlugyp yzyňa dolandyňmy diýip, başymy ýaýkap, garnyny doýrup bilmesek-de ýene-de galan-gaçan zatlarymyzy oňa oklap başladyk” diýip, Oraz aga jaý ýumrulyşyklaryndan adamlara-da, haýwanlara-da ejir çekdirýän birnäçe emeldarlardan, öz yzyny tapýan itleriň has akyllydygyny nygtaýar.

Heniz häkimlikleriň gazabyna düşmän, köçelerde iýmit gözläp ýören itleri bolsa, şäheriň islendik etrapçalarynda görse bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG