Sepleriň elýeterliligi

Belli türkmen kino aktýory, režisýory K.Annanow ýogaldy


Kerim Annanow

Belli türkmen kino aktýory hem režisýory Kerim Annanow 58 ýaşynda dünýäden ötdi.

Kerim Annanow 1958-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda dünýä indi. Ol tanymal kino aktýory Baba Annanowyň hem teatr aktrisasy Ogulbossan Rejebowanyň maşgalasyndaky ilkinji çagady. Ol orta mekdepden soň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini tamamlady. Emma soňy bilen kinostudiýada işläp başlady.

Kerim Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň “Laçyn” filminde baş rolda oýnap, kakasy – Baba Annanow bilen bilelikde surata düşdi. Soňy bilen-de kakasynyň režissýorlyk eden “Kärizgenler” filminde keşpleriň birini janlandyrdy.

Täjigistanda surata düşürilen “Adam sypatyny üýtgedýär” atly köp görnüşli telefilmde hem Kerim kakasy bilen bile oýnap, olar bir ynsanyň ýaşlyk hem kämillik ömrüni döretdiler.

Baba (çepde) we Kerim Annanowlar
Baba (çepde) we Kerim Annanowlar

Kerim Annanowy ýakyndan tanan, onuň egindeşi ýazyjy Akmuhammet Welsapar Kerim Annanowyň dünýäden ötmeginiň türkmen kino sungaty üçin uly ýitgi bolandygyny aýdyp, onuň ‘uly zehine” eýe bolandygyny hem belläp geçdi.

Akmuhammet Welsapar 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Kerim Annanow bilen bir keşbi janlandyrmak üçin synag-bäsleşigine gatnaşandyklaryny ýatlap, şeýle gürrüň berdi:

“Kerim biziň hemmämizden ökde geldi. Men şonda Kerimiň ýeňşine, onuň bir bäsdeşi hökmünde begendim. Sebäbi Kerim şeýle bir zehinli artistler maşgalasynda önüp-ösenden soň, onuň artistlik zehini, başarnygy, tejribesi biziň hemmämiziňkiden ýokary geldi. Ol görnüp durdy. Beýle bäsdeşiň ýeňşine begenmezlik, ony goldamazlyk mümkin däldi”.

Soňlugy bilen Kerim Annanow özbaşdak döredijilik ýoluna başlap, “Ýeňi ýoluk”, “Bastiýon” we birnäçe filmlerde keşpleri oýnaýar. Onuň kakasy bilen režisýorlyk eden we esasy keşpleriň birini oýnan “Zöhre-Tahyr” filmi Halkara kinofestiwallarynda baýrakly orunlara-da mynasyp bolupdy.

Kerim Annanow gazak, özbek, gyrgyz, täjik kinostudiýalarynda surata düşürilen ençeme filmlerde dürli keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar. 1984-nji ýylda bolsa Moskwa gidip, kinorežissýorlyk ugry boýunça ýokary bilim aldy.

Baba Annanowyň hekaýasy esasynda surata düşüren “Güýz” aýratyn söýgä mynasyp boldy. Bu filmde baş rolda oýnamak üçin, dünýä belli mergen, Rim olimpiadasynyň kümüş medalyny gazanan Marat Nyýazowy saýlap aldy hem oňa ýaşy gaýdyşan, durmuşda ýeke galan bir sada ynsanyň keşbini döretmäge mümkinçilik açdy. Filmiň režisýory Kerim Annanow hem, ýaşulynyň rolunda oýnan Marat Nyýazow hem köpçüligiň söýgüsini gazandy.

Kerim Annanow dokumental filmlere-de aýratyn üns berdi. Bu ugurda türkmen ahalteke atlary baraky filmini ýatlamak gerek.

Soňky döwür Kerim Annanow "Oguzhan" kinostudiýasynda işleýärdi. Ýakynda onuň režisýorluk etmeginde “At – Myrat” diýen film ekrana çykdy. Emma ýazyjy Akmuhammet Welsapar garaşsyzlyk ýyllary Kerim Annanowyň öz zehinini doly açmagyna çäkli mümkinçiligiň bolandygyny aýdýar.

“Garaşsyzlyk döwründe biziň zehinli artistlerimize, režisýorlarymyza öz zehinini ösdürmäge, täze-täze filmleri döretmäge mümkinçilik bolmady diýen ýaly. Olara diňe ýokardan görkezme bilen filmler aldyrlyp başlandy. Bu-da, elbetde, zehinli adamyň zehinini duşaklaýar, baglaýar".

Şol bir wagtda, Kerim Annanowyň beýik adamkärçiligini-de ýatlaýarlar. Kakasynyň ýegre dosty, belli kino aktýory Artyk Jallyýewe soňky ýyllarda onuň uly ýardam edendigini belleýärler. Şol beýik şöhratyna seretmezden, Artyk Jallyda resmi at hem ýokary dereje ýokdy, şonuň üçin ol ýeterlik medisina kömegini hem maddy ýardam alyp bilmedik wagtynda, oňa Kerim Annanow hossarlyk etdi.

Kino sungatynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin, ol “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglandy. K.Annanowyň ýogalmagynyň öňýany, agyr ýatan günleri oňa “Türkmenistanyň halk artisti” adynyň hem berlendigi aýdylýar.

Galyberse-de, belli türkmen aktýory we režisýory, ençeme sylaglaryň eýesi, Türkmenistanyň halk artistiniň dünýeden ötendigi dogrusynda, türkmen mediasynda kelam agyz söz aýdylmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG