Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Belarusyň ilçihanasynyň täze binasy açyldy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Belarusyň prezidenti A.Lukaşenka (s)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Belarusyň prezidenti A.Lukaşenka (s)

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze binasy açyldy.

30-njy martda geçirilen açylyş dabarasyna Belarusyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşyp, täze bina bilen tanyşandygyny resmi media habar berdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatlarynda täze ilçihana “türkmen-belarus dialogyň yzygiderli ösmeginiň uzakmöhletli häsiýetiniň simwoly” diýlip atlandyryldy we bu ýerde “diplomatlaryň önümli işlemekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi” bellendi.

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistan Belarusyň paýtagty Minskde öz ilçihanasynyň täze binasyny açypdy.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň başynda esaslandyryldy.

29-31-nji mart aralygynda Türkmenistana üç günlük resmi sapar edýän Belarusyň prezidenti anna güni Türkmenistanyň Lebap welaýatyna baryp, Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

XS
SM
MD
LG