Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “A-Market” täze at bilen gaýtadan açyldy


Aşgabatdaky ‘A-Market’ söwda dükany “Ruhybelent” ady bilen gaýtadan açyldy.
Aşgabatdaky ‘A-Market’ söwda dükany “Ruhybelent” ady bilen gaýtadan açyldy.

Aşgabatda mundan bir aý çemesi öň ýapylan ‘A-Market’ söwda dükany “Ruhybelent” ady bilen gaýtadan açyldy.

Ýatladyp geçsek, ‘A-Marketiň’ eýesiniň türk oppozisioneri Fethullah Gülen bilen gatnaşykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi barada, Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelip gowuşmagynyň yz ýany, bu söwda dükany 25-nji fewralda ýapylypdy.

Şu hepdäniň sişenbe güni, ýagny 28-nji martda bu söwda dükany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza “Ruhybelent” firmasynyň eýeçiliginde gaýtadan işläp başlady. Bu firma indi ýedi-sekiz ýyla golaý wagt bäri ýurtda, hususan-da, miwe we gök önümlerden şire, ýagny “sok” önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar.

Aşgabatdaky “Mir bazaryň” günbatar tarapynda ýerleşýän bu söwda dükanyna baryp gören käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, täze tekjeler we sowadyjylar ýerleşdirilen “Ruhybelent” dükanynda öňki ‘A-Marketde’ elýeterli bolan harytlaryň tas ählisi diýen ýaly satylýar, emma olaryň bahasy öňküsinden tapawutlanýar.

Müşderilere hyzmat ediş

“Ruhybelent marketiniň satýan harytlary ‘A-Marketiňkiden’ birneme gymmat. Iň azyndan 10-15% gymmat satylýar. Munam adamlar bolaýmaly tebigy ýagdaý hasaplaýarlar. Sebäbi Türkmenistanda her hepdede bolmasa-da, her 15 günde nyrhlar barha gymmatlaýar. Il içinde aýdylyşy ýaly, harytlaryň bahasy keýigiň şahyna çykyp barýar” diýip, bu sebitde ýaşaýan ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Şol bir wagtda, ol “Ruhybelent” söwda dükanynda alyjylara edilýän hyzmatyň ýaramaz bolmasa-da, ‘A-Marketdäkiden’ tapawutlanýandygyny, müşderiler bilen täze satyjylaryň arasynda “mylakatlylygy, ýylylygy o diýen duýup bolmaýandygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Ýeri gelende bellesek, ‘A-Market’ söwda dükanynyň ýa-da jaýynyň satuwynyň nähili görnüşde amala aşandygy, onuň täze eýesi we gaýtadan işläp başlamagy barada Türkmenistanyň media serişdelerinde häzire çenli ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Gülen bilen “aragatnaşyk”

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, ortaça 50 adamy iş bilen üpjün eden we 300 kwadrat çemesi meýdany tutýan bu söwda dükanynyň öňki eýesi Döwlet Ataýew türk oppozisioneri Fethullah Güleniň “Hizmet” topary bilen aragatnaşykda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edilipdi.

Onuň bilen bir hatarda Aşgabadyň “Merdem dynç alyş merkezi” we “Alpet steakhouse” atly restoranlaryň eýesi Resul Atageldiýew we başga-da türkmen-türk liseýleriniň öňki mugallymlarynyň ençemesi tussag edilipdi.

8-nji we 9-njy fewralda Ahal welaýatynyň sudunyň 30-dan gowrak adama höküm çykarandygyny, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar beripdi.

Şonda Azatlygyň söhbetdeşi sud edilenleriň arasynda Türkmenistanda tanymal telekeçiler Resul Atageldiýewe, Döwlet Ataýewe we Döwlet Amangeldiýewe iş kesilendigini belläp, özüniň gören dokumentlerine görä, Atageldiýewiň we Ataýewiň 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi güman edilýänleriň köpçülikleýin ýagdaýda tussaglyga alynmagy we söwda dükanynyň ýapylmagy dogrusynda, henize çenli hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

XS
SM
MD
LG