Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sudy türk oppozisioneri bilen 'ilteşikli' 30-dan gowrak adama uzak möhletli iş kesdi


Aşgabadyň “Merdem” we “AlpEt” restoranlarynyň eýesi Resul Atageldiýew
Aşgabadyň “Merdem” we “AlpEt” restoranlarynyň eýesi Resul Atageldiýew

Türkmenistanyň sudy geçen ýylyň oktýabr aýynda türk oppozisioneri bilen gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilen 30-dan gowrak adamy uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.

Olaryň arasynda 25 ýyllyk tussaglyga höküm edilen ady belli telekeçiler Resul Atageldiýew we Döwlet Ataýew bar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Ahal welaýatynyň sudy tarapyndan iş kesilen topara esasan türkmen-türk liseýleriniň öňki mugallymlary girýärler. Azatlyk Radiosy telekeçileriň we öňki mugallymlaryň “Hizmet” topary bilen aragatnaşykda aýyplanyp, köpçülikleýin tussag edilendigi barada habar beripdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda türk oppozisioneri Fethulla Gülen bilen aragatnaşykda güman edilip aýyplanan we tussag edilen onlarça adamyň ykbalyna degişli nobatdaky maglumatlar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna geçen hepdede gelip gowuşdy. 21-nji fewralda bu maglumaty bolup geçen ýagdaýlardan habarly başga bir çeşme tassyklady.

Çeşmeleriň ikisi-de Ahal welaýatynyň sudunyň 8-nji we 9-njy fewralda 30-dan gowrak adama höküm çykarandygyny habar berdi. Azatlygyň söhbetdeşi sud edilenleriň arasynda Türkmenistanda tanymal telekeçiler Resul Atageldiýewe, Döwlet Ataýewe we Döwlet Amangeldiýewe iş kesilendigini aýtdy.

Söhbetdeşimiz özüniň gören dokumentlerine görä, Atageldiýewiň we Ataýewiň 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

“Olaryň ikisine-de 25 ýyl berildi we olar eýýäm Owadandepä äkidildi. Suduň karary 8-nji we 9-njy fewralda çykaryldy, 30-dan gowrak adama iş kesdiler, olar esasan türk liseýleriniň öňki mugallymlary. Mugallymlara 12 we 18 ýyllyk iş kesildi. Olaryň arasynda sorag edişliklerde şikes alanlar köp. Şonuň üçin iş kesilen mugallymlary Baýramalydaky koloniýa iberdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Aşgabadyň “Merdem” we “AlpEt” restoranlarynyň eýesi Resul Atageldiýewiň we “A-Market” dükanlarynyň eýesi Döwlet Ataýewiň türmä höküm edilendigini habar beripdi.

Resul Atageldiýewe degişlidigi aýdylýan restoran
Resul Atageldiýewe degişlidigi aýdylýan restoran

Suduň 8-nji we 9-njy fewralda çykaran kararlarynyň näme bilen bagly bolandygyny, telekeçileriň gaýtadan sud edilen bolmagyny ýa-da olaryň şikaýatynyň diňlenen bolmagyny anyklamak başartmady.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi sud edilen ýene birnäçe adamyň atlaryny mälim etdi we suduň olar babatynda çykaran karary bilen tanyşandygyny habar berdi.

“Bu Döwlet Amangeldiýew, mebel öndürmek bilen meşgullanýan telekeçi. Üstesine öňki mugallymlaryň arasynda Döwlet Rejepow, Şatlyk Durdygylyjow, Batyr Ataýew bar, olara 12 ýyl berildi we olar eýýäm Baýramala iberildi” diýip, çeşmämiz habar berdi.

Onuň sözlerine görä, türmä höküm edilenleriň ählisi bir terrorçy toparyny goldamakda günälendi, emma suduň kararlarynda adamlaryň ýa-da toparlaryň takyk atlary görkezilmeýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Azatlyk Radiosy Türkmenistanda Fethulla Gulen bilen baglylykda başlanan repressiýalar barada ençeme maglumat taýýarlady. Türkiýäniň häkimiýetleri Guleni geçen ýylyň iýul aýynda prezident Rejep Taýyp Erdogany häkimiýet başyndan çetleşdirmek boýunça başa barmadyk agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygy gurnamakda aýyplaýarlar.

Azatlyk Raidosynyň çeşmeleri repressiýalara 150-den gowrak adamyň sezewar edilendigini habar berdiler. Olaryň esasan türkmen-türk mekdepleriniň we okuw merkezleriniň öňki işgärleridigi we häzirki wagtda tanymal türkmen biznesmenleridigi aýdylýar.

Geçen aýda “Fergana.ru” we “Eurasianet” neşirleri hem öz habarçylaryna salgylanyp, Türkmenistanda barha güýçlenýän repressiýalar barada habar beripdi. “Fergana.ru” soraga çekilen adamlaryň gynamalara sezewar edilendigini, netijede ölenleriň hem bolandygyny we polisiýanyň birnäçe ofiseriniň işden boşadylandygyny habar berdi.

“Eurasianet” neşri tussag edilenleriň ýakynlaryna salgylanyp, tutha-tutluklaryň, sorag edişlikleriň we gynamalaryň dowam edýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG