Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan suwuklaşdyrylan gazyň önümçiligini artdyrýar


Gaz kompressor stansiýasy, Balkanabat

Türkmenistan suwuklaşdyrylan gazyň önümçiligini artdyrýar, diýip türkmen mediasy habar berýär.

Türkmenistan.ru neşri “Türkmengaz” döwlet konserniniň suwuklaşdyrylan gazy öndürmek üçin Daşoguz welaýatynyň “Ýylanly” kompressor stansiýasynda iki sany tehnologiki abzaly gurmagy planlaşdyryp, halkara tender bäsdeşligini geçirýändigini habar berýär. Bu ýerde ýylda 2 milliard kubometr tebigy gazy gaýtadan işläp, 70 müň tonna suwuklaşdyrylan gazy we 24 müň tonna gaz kondensatyny öndürmegiň planlaşdyrylýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda öndürilýän suwuklaşdyrylan gazyň Ýewropa, Ermenistana, Gürjüstana, Eýrana, Owganystana, Täjigistana we Pakistana eksport edilýändigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG