Sankt Peterburg şäheriniň metrosynda 3-nji aprelde bolan partlama zerarly azyndan 10 adamyň wepat bolandygy we onlarca adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Döwletiň eýeçiligindäki TASS agentliginiň we beýleki habar serişdeleriniň ady agzalmadyk çeşmelere salgylanyp, habar bermeklerine görä, terrorçylykly hüjüm bolmagy barada howatyrlanma döreden partlamada azyndan 10 adam helak bolupdyr.
Prezident Wladimir Putin partlamanyň bolan ýerine baryp, howpsuzlyk resmileri bilen gepleşendigini we häkimiýetleriň bu hadysanyň terrorçylyk bilen arabaglanyşygynyň barlanýandygyny aýtdy, diýip TASS habar berdi.
Sankt Peterburgyň şäher häkimiýetleri azyndan 50 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Partlamanyň bolan ýerinden diýlip, sosial media serişdelerinde çap edilen suratlarda “Sennaýa ploşad” metro stansiýasynyň içini tüsse alandygy görkezilýär.
RIA agentliginiň websaýtynda çap bolan suratda weýran bolan otly wagony görkezilýär. Bu suratlaryň gelip çykyşy dessine mälim edilmedi.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.